Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambulda türkmen konsullygyň howlusynda prezidentine hat gowşurjak bolan aktiwistler we aklawçy ýenjildi.

Stambulda türkmen konsullygyň howlusynda prezidentine hat gowşurjak bolan aktiwistler we aklawçy ýenjildi.

16-njy awgustdaä sagat 11:00 türkmen aktiwistleri aklawçylaryň we iki sany türk adam hukuklaryny goraýjynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna baryp, prezident Serdar Berdimuhamedowa açyk hat ibermäge synanyşdy. Olar konsullygyň binasynyň öňünde öz saparynyň maksadyny wideo arkaly mälim etdiler.

Adwokat Gulden Sonmez we aktiwistler garawuldan haty gowşurmak üçin işgärlerden birini çagyrmagy haýyş edenlerinde, olar konsullygyň howlusyna goýberildi. Olar beýanatyny resmilere tabşyrjak bolanda konsullygyň 6 işgäri çykyp, aktiwistleri kemsidip, hapa sögünip, ýenjip başlady. Şaýatlaryň aýdyşyna görä olaryň arasynda bu edaranyň tanalýan işgäri Merdan Mustakow bardy.Diplomat adyny tutýan adamlar iki aýaly we üç erkek adamy ýenjipdirler.

“Olaryň birini ýere ýykdylar, hatda aklawça hem hüjüm edildi. Atamyrat Saparow agyr bir zat bilen kellesine güýçli zarba uruldy, lukmanl oňa ilkinji kömegi berdiler” - bize diýp THF-a şaýatlaryň biri gürruň berdi.

Köp sanly şaýat aklawçynyň resminamany kabul etmegi sypaýyçylyk bilen sorandygyny we aktiwistleriň sessiz-üýnsüz durandygyny aýdýar. Şeýle-de bolsa, konsullyk işgärleri myhmanlaryň ellerini gaňyryp, sögündi, adamlary kemsitdi. Käbir türkmenleriň telefonlary konfiskasiýa edildi. Nobatda duran adamlaryň hemmesi dargadyldy.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

--------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Ýuzlenme.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa.

16.08.2022

Jenap prezident Serdar Berdimuhamedow!

Biz, Türkiýede ýaşaýan we örän çynlakaý kynçylyklary başdan geçirýän türkmenistanlylar hökmünde derwaýys we duýgur ýagdaýymyza ünsi çekmek isleýäris. Ýagny, häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan takmynan bir million türkmenistanly migrant işçileriň Türkiýede bikanun ýaşamagy netijesinde dörän uly krizis, her bir adama gaty möhüm gönüden-gönü täsir edýär we geljekde sosial betbagtçylyga sebäp bolup biler.

Häzirki wagtda çynlakaý krizise öwrülen bu ýagdaýyň netijesinde çäresiz bolan ýüzlerçe türkmenistanly soňky birnäçe aýyň dowamynda, esasan hem geçen hepde, Stambuldaky Türkmenistan konsullygynda we halkara howa menzilinde her gün ýygnanýar. 2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda gije Türkmen konsolosluğunuň çagyryşy sebäpli Türkiýe Respublikasynyň polisiýasynyň ýaragly güýçleri potensial ýolagçylary howa menzilinden çykardy. Şol sebäpli türkmenler gijesini düşeksiz, iymitlenmedik we suwsyz geçirmäge mejbur boldular. Şeýle şertlere düşen raýatlarymyz saglygyna zyýan ýetirýärler we agyr ejir çekýärler, aralarynda hassalar hem bar.

Bilşiňiz ýaly, pandemiýa döwründe daşary ýurtda galan Türkmenistanyň raýatlary watanyna dolanmak isleýärler. Gynansagam, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýyldan gowrak wagt bäri howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy (gadagan edilmegi) netijesinde ýüzlerçe müň türkmen raýaty Türkiýede galmaga mejbur boldu. Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen raýatlaryň pasport we resminamalaryny almak meselesi türkmen häkimiýetleri tarapyndan äsgerilmedi we bozuldu, şol sebäpli watandaşlarymyz Türkiýede bikanun ýagdaýda galmaga mejbur boldy we umytsyz ýagdaýa düştü.

Bu ýagdaý diňe Türkiýede däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da bar.

Biz, aşakdaky meseleleri derňemäge we müňlerçe adama degişli bu krizisi çözmäge çagyrýarys.

· Kanunda talap edilişi ýaly we raýatlyk hukugymyz hökmünde türkmen raýatlarynyň arzalaryny elektron görnüşde kabul edilmegi we beýleki ýurtlardaky ýaly zerur resminamalaryň berilmegi;

· Pandemiýadan öňki ýagdaýa yzygiderli gatnawlaryň gaýdyp gelmegi we watana dolanmak isleýän raýatlarymyzyň sanynyň köpelmegi sebäpli goşmaça uçuşlaryň girizilmegi;

· Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynyň işini ýeňilleşdirmek üçin aşakdaky nokatlara üns bermegiňizi haýyş edýäris:

a) Türkmen raýatlarynyň köne pasportlary bilen päsgelçiliksiz öz watanyna baryp bilmegini üpjün etmek

b) Stambuldaky Türkmenistanyň Baş konsullygyna goşmaça ekspert işgärlerini ibermek. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtda galmak isleýän köne pasportlary bolan raýatlara biometrik pasport bermek. (Şeýlelikde daşary ýurtdaky Türkmenler kanuny ýagdaýda okap, saglygy gorap we işläp, ýaşap bilerler).

· Ýyllar boýy halkyň kyn güne düşmeginden peýdalanyp, öz şahsy bähbitleri üçin korrupsiýa ýüz urýan döwlet işgärleriniň we şol maksat bilen ortada durup olara hemaýatkär bolýan raýatlary Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda jezalandyrmagyňyzy we şu meseleler boýunça derňew geçirilmegini talap edýäris. Derňewiň netijesi esasynda jenaýyty giň göwrümde ýaýbaňlandyran adamlary, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanan döwlet çinowniklerini kazyýet jogapkärçiligine çekip, adalatly jezalandyrylmagyny sizden soraýarys.

Türkmen raýatlarynyň pidasy hökmünde başdan geçiren kynçylyklarymyz gaty agyr netijelere ýetdi. Näsaglarymyz, daşary ýurtda ölenlerimiz, maddy kynçylyk çekýän okuwçylarymyz, ene-atalaryndan aýrylan çagalarymyz, her birimiziň maşgalalarymyz bilen başdan geçirýän görgülerimiz çydap bolmajak derejä ýetdi.

Biz size Konstitusiýanyň kepili hökmünde ýüzlenýäris we toplanan meseleleriň gysga wagtda çözülmegine umyt baglaýarys.

Umumy akyldar we düşünişmek umydy bilen,

“Hak Hukuga Daýanç” türkmen aktiwist topary.

Iň soňky habarlar

С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Политические преследования в Туркменистане и Каракалпакстане. Side Event, Варшава 04.10.2024.
Политические преследования в Туркменистане и Каракалпакстане. Side Event, Варшава 04.10.2024.
Демократические институты. ОБСЕ БДИПЧ Варшава 1.10.2024 рус/анг
Демократические институты. ОБСЕ БДИПЧ Варшава 1.10.2024 рус/анг