Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Haj zyýaratyna barýan Türkmenistanyň raýatyna Aşgabatdan çykmaga rugsat berilmedi.

Haj zyýaratyna barýan Türkmenistanyň raýatyna Aşgabatdan çykmaga rugsat berilmedi.

Surat: Hamida Babajanowa.

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde 73 ýaşly Ýakutjan Babajanowa Türkmenistandan “Umre” zyýaratyna gitmegine rugsat berilmedi. Satyn alnan uçar petegi, tölenen salgytlar, zerur resminamalaryň bardygyna garamazdan, zenana Aşgabat-Istambul reýsine münmäge rugsat berilmedi. Istambuldan soň syýahat topary Saud Arabstana uçmakçydy.

Bu barada, Ý.Babajanowanyň 1975-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde doglan Türkiýede ýaşaýan gyzy Hamida Babajanowa habar berdi.

“Hemmeler uçara mündüler, ejem saklandy, käbir sanawlara seretdiler we uçmagy gadagan etdiler. Ejem Mekgä we Medinä zyýarat etmek üçin jemi 2000 ABŞ dollar sarp etdi. Uçar peteginiň bahasynyň öwezini dolsa-da, häkimiýetleriň eden-etdiligi sebäpli türkmen raýatlarynyň ortaça aýlyk haklarynyň 10-syna deň mukdarda pul ýitirdi.

Ejemiň tankydy belliklerim sebäpli uçmaga gadagan edilendigine ynanýaryn, sebäbi ençeme ýyl bäri ilkinji prezident S.Nyýazowyň rejimi we Berdimuhammedowlaryň häzirki rejimi barada öz pikirim bilen dürli internet platformalarynda çykyş edýärin" diýip, Hamida adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere gürrüň berdi.

Hamida Babajanowa 2021-nji ýylyň ýazyndan başlap, ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial-ykdysady kynçylyklaryny tassyklaýan Türkmenistandan suratlary internetde paýlaşyp başlady, hukuklarynyň bozulmagy barada çykyş etdi.

“Bu barada maňa garyndaşlarym Firuza Babajanowa (1984-nji ýylda doglan), Dilfuza Babajanowa (1984-nji ýylda doglan) we Umar Babajanow (1976-njy ýylda doglan) kömek etdi. Şondan soň, Daşoguz welaýatynyň 6-njy polisiýa bölüminiň işgärlerinden jaň aldylar we polisiýa çagyrdylar. Garyndaşlarym ýazmaça habarnamalary ibermegi talap edip, gitmekden ýüz öwürdiler. Ertesi gün 4 polisiýa işgäri geldi, ikisi raýat eşikli we ikisi polisiýa eşikli bolup, hemmesini ulagda alyp gitdiler. Telefon barlaglaryndan gorkup, ýakynlarym telefonlaryny öýde goýdular. Polisiýa muny eşidip, maşynlary yza öwrüp, öýümize gaýdyp geldi we telefonlarymyzy almaga mejbur etdi.

Polisiýa olardan men hakda sorag edip başlady. Russiýa gitdimmi, saçlarym sarymy, garyndaşlaryma pul iberdimmi? – diýip, Hamida dowam edýär- Polisiýada takyk näme bolandygyny men bilemok, ýöne sorag edilenden soň, obadaşlarynyň hakyky durmuşynyň suratlaryny we wideolaryny ibermegi doganlarym bes etdiler.”

Syýahat gadaganlygyndan soň Ýakutjan Babadjanowanyň garyndaşlary migrasiýa gullugyna gitdiler. Ol ýerde garry aýala “23-nji aprelde gitmäge rugsat beriljekdigi” wada berildi.

Mart aýynyň başynda, BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň mejlisinde resmi türkmen wekiliýeti ýygnaga gatnaşýanlara Türkmenistanyň raýatlaryň ähli konstitusion hukuklaryna hormat goýýandygyna ynandyrmaga synanyşdy, ýöne iş ýüzünde bu beýle däl.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Warşawada türkmen rejimi  tarapyndan pajygaly wakalary gizlemek praktikasyna garşy protest meýilleşdirilýär.
Warşawada türkmen rejimi tarapyndan pajygaly wakalary gizlemek praktikasyna garşy protest...
Türkmen migrantlaryň Türkiýedäki merhumlar üçin sadakasy.
Türkmen migrantlaryň Türkiýedäki merhumlar üçin sadakasy.
Садака туркменских мигрантов в Турции по усопшим/Türkmen migrantlaryň merhumlar üçin sadakasy.
Садака туркменских мигрантов в Турции по усопшим/Türkmen migrantlaryň merhumlar üçin sadakasy.
Azatlyk Radiosy: „Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy“
Azatlyk Radiosy: „Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy“
Syýasy tussag Gulgeldi Annaniýazowyň sürgünlük möhleti gutardy
Syýasy tussag Gulgeldi Annaniýazowyň sürgünlük möhleti gutardy