Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýe döwletinde ýaşaýan we işleýän türkmen migarantlary ýene-de nobatdaky kynçylyk bilen, has dogrusy resmi taýdan galmak problemasy ýüze çykdy.

Türkiýe döwletinde ýaşaýan we işleýän türkmen migarantlary ýene-de nobatdaky kynçylyk bilen, has dogrusy resmi taýdan galmak problemasy ýüze çykdy.

Daşary ýurtdaky ilçihanalarda möhleti uzaldylan zagran pasportlary Türkiýede galmak üçin kabul etmän başlady.

Birnäçe garaşsyz çeşmäniň habaryna görä, 29-njy martdan bäri türk migrasiýa hyzmatlary biometrik pasportlarynyň möhleti geçen, emma konsulluk tarapyndan möhleti uzaldylan möhüri bolan türkmen raýatlary üçin wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň (kimlik) uzaldylmagy baradaky resminamalary kabul etmekden ýüz öwrüp başlady.

болонок

2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy karary bilen " 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar - 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda Türkmenistan raýatlarynyň daşary ýurtda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan halkara pasportlarynyň güýjüniň gutarýan möhletini 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmaly" diýip görkezme berdi. " Karar esasynda türkmen raýatlarynyň möhleti geçen pasportlaryna täzeleniş belgileri bilen möhür basyp başlandy.

Türkiýeniň Daşary işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň web sahypalarynda bu mesele boýunça resmi habar tapmadyk.

Muňa garamazdan, häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe raýatyna ýaşamak üçin rugsatnama (kimlik) berilmedi . Stambulyň Esenyurt we Fatih etraplarynyň migrasiýa bölümlerine ýüz tutan türkmenler hem şuňa meňzeş ýagdaýa duş geldiler .

Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ellerinde 1996-njy ýylda çykan pasporty bolan müňlerçe raýatyň meselesiniň-de “howada galandygyny” ýadyňyzdan çykarmaň. Olaryň arasynda hatda TSSR-de berlen sowet pasportlary bolan adamlar hem bar. Aslynda, olar raýatlygy ýok adamlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi häzirki ýagdaýa düşündüriş bermekden saklanýar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Arkadag şäherinde satyn alnan öýler täze ýaşaýjylardan alynýar. Korrupsiýa we hereket azatlygy hukugynyň bozulmagy.
Arkadag şäherinde satyn alnan öýler täze ýaşaýjylardan alynýar. Korrupsiýa we hereket azatlygy...
Как нелегитимные президенты Туркменистана захватывали власть./Konstitusiýa ynam galmady!!!
Как нелегитимные президенты Туркменистана захватывали власть./Konstitusiýa ynam galmady!!!
Migrant işçileriň maşgalalaryndan türkmen çagalarynyň hukuklarynyň bozulmagy.
Migrant işçileriň maşgalalaryndan türkmen çagalarynyň hukuklarynyň bozulmagy.
Никого не удивляет разложение системы образования./Sowatsyzlaşmagyň syýasatyna hiç kim geň galmaýar2
Никого не удивляет разложение системы образования./Sowatsyzlaşmagyň syýasatyna hiç kim geň galmaýar2
Azatlyk Radiosy:“Konstitusiýanyň ähli düzgünlerini bozup, ata häkimiýeti öz ogluna geçirdi” Hajyýew
Azatlyk Radiosy:“Konstitusiýanyň ähli düzgünlerini bozup, ata häkimiýeti öz ogluna geçirdi” Hajyýew