Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ýene-de Türkiýe döwletinde türkmen migarant watandaşlaryny deportasiýa merkezinde ýenjilmesi.

Ýene-de Türkiýe döwletinde türkmen migarant watandaşlaryny deportasiýa merkezinde ýenjilmesi.

2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Ankaradan 70 km uzaklykda ýerleşýän Çankyry deportasiýa merkezinde tussag edilen dört türkmen raýaty ýenjildi.

Tutulanlaryň biriniň garyndaşlary Stambuldaky türkmen konsullygyna jaň edip, bu waka barada duýduryş berdiler.

Ejir çekenleriň garyndaşlarynyň habar bermegine görä, 18-nji fewral gijesinde žandarma gullugy we hususy gurluşyň goragçylary dört ýaş türkmeni Çankyry deportasiýa merkeziniň 250-nji otagyna getirip, ýenjipdirler .

Ýagdaýlary anyklamak üçin ýenjilenleriň biriniň iş berijisi aklawçy tutupdyr. 21-nji fewralda deportasiýa merkezine baryp gören aklawçy Sena Özdemir Sawaşyň aýtmagyna görä, müşderisiniň gözüniň alnynda gögermeler, gulagynyň aşagyndandan ýyrtylan ýaranyň yzlary we arkasynda ýenjilmeleriň yzlary bar.

Ejir çekenleriň garyndaşlary bolan wakany adynyň aýdylmazlygy şerti bilen baglanyşykly bize aýtdylar. (THF-de üç pidanyň doly maglumatlary bar).

Asly Daşoguzly 33 ýaşly A.D. 2012-nji ýylyň fewral aýynda işlemek üçin Türkiýä geldi. 23-nji ýanwarda mikroawtobusda işden öýüne gaýdyp gelýärkä we polisiýanyň resminama barlagyna gabat gelip, tussag edilýär. Ýanynda hiç hili resminamasy bolmansoň, ýaş türkmen raýaty ertesi gün Çorum sebtiniň Tuzla deportasiýa lagerine, soň bolsa 25-nji ýanwarda Çankyry deportasiýa merkezine äkidildi . Görnüşi ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal köne pasportyny ýitiripdir.

Beýleki bir ejir çeken, asly Daşoguzly 30 ýaşly H. D. Mundan 10 ýyl ozal Türkiýä işlemäge geldi. Ol 10-njy ýanwarda Stambulda tussag edildi we Bostançy polisiýa merkezine äkidildi. Tutulan wagtynda H.D-iň zähmet rugsatnamasy bardy. Tutsag edilmeginiň sebäbi: iş ýerlerinde kärdeşleri bilen aralarynda bolan uruş.

Ol hem 14-nji ýanwarda Tuzla deportasiýa lagerine iberildi we 20-nji ýanwarda bolsa Çankyry deportasiýa merkezine geçirildi.

18-nji fewralda bu ikisi başga bir üçünji kişi bilen birlikde (baş harplary H.N.) 250-nji otaga äkidildi we ýene iki türkmen bilen bilelikde ýenjildi. Olaryň ýanynda ýene bir türkmen bardy, maglumatlary anyklanýar.

Görnüşi ýaly, urulmagyň alamatlaryny gizlemek üçin ýaş ýigitler esasan bedenine urulýardy.

Şu günlerde ejir çekenleriň garyndaşlary kömek sorap Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna ýüz tutdular.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar